Turkmenportal logo
Düýn 17:32
65816581
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyzylgumda çabgalar sebäpli köl peýda boldy
Surat: dzen.ru

Özbegistanyň çägindäki Gyzylgum sährasynda göwrümi 80 inedördül kilometr bolan täze emeli köp döredi. Bu barada Respublikanyň Ekologiýa partiýasyna salgylanyp, ýerli «Xorazmbugun» neşiri habar berdi.

Suw howdany Buhara oblastynyň Peşkun etrabynyň Gazly ilatly ýerinden demirgazykda, öňki «Şurbulak» çägeliginde emele geldi. Muňa soňky ýarym ýylda kadadan köp ygal düşmegi hem-de Özbegistanyň Suw hojalygy ministrliginiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi sebäp boldy.

Täze köl Buharanyň meýdanyndan uludyr we ýurduň iri suw howdanlaryna deňdir. Ekologlar sähralyk ýerde kölüň döremeginiň hem oňyn, hem sebitiň ekoulgamynda hem-de suw sazlaşygynda dörejek üýtgeşmeler ýaly töwekgelçilikli netijelere getirip biljekdigini belleýärler.

Özbegistanda 500-den gowrak köl bolup, olaryň käbiri daglarda ýerleşýär, galanlary möwsümleýin bolmak bilen, tomsuna guraýarlar.

Ýurduň iň uly suw howdany umumy meýdany 3,5–4 müň inedördül kilometr bolan Aýdar-Arnasaý köller ulgamy (Aýdargül, Arnasaý we Tuzgan) diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.