Şotlandiýada totuguş şäher ýaşaýjylarynyň awtoulaglaryna zeper ýetirmekde aýyplandy diýip, UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Guşy ilkinji gezek fewralda gördüler, şondan bäri hem ol howlulardyr ýolýakalarda duran awtoulaglara hüjüm edip, aýnalarynyň rezin dykyzlaýjylaryny we süpürijilerini goparýar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, totuguşyň ýetiren zyýany eýýäm müňlerçe dollara ýetdi. Ulag eýeleriniň käbiri özdiýenli guşdan goramak üçin ulaglaryny gorag ýapynjalary bilen örtýär.
Adamlar guşuň birdenkä hepdeläp gözden ýitýändigini, soňra peýda bolýandygyny aýdýarlar. Bilermenler onuň geň hereketlerini düşündirip bilenoklar. Esasy çaklamalaryň hatarynda ýaşaýan çägini awtoulagyň aýnasyndaky öz keşbinden goramak, reziniň düzümindäki minerallara gyzyklanma ýa-da ýöne bir içgysma bar. Totuguş öň öýde saklanyp, soňra gaçan ýa-da eýesi tarapyndan köçä kowlan bolmaly diýlip çak edilýär.