Turkmenportal logo
Şu gün 12:21
37863786
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Abraýly Watan» 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Belarusyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümini dowam etdirýär

«Abraýly Watan» hususy kärhanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin kabul ediş möwsümini dowam etdirip, türkmen ýaşlaryny Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge çagyrýar. Kompaniýa aýratyn şertleri yglan edip, üç ýokary okuw mekdebine okuwa kabul edilmek üçin görkezilýän hyzmatlaryň doly mugt amala aşyryljakdygyny habar berýär.

Lukman, IT hünärmeni, inžener bolmak ýa-da ynsanperwer ugurda üstünlikli hünär ýoluny saýlamak arzuwyňyz barmy? Onda geljegiňizi kesgitlän hünäre tarap ilkinji ädimi häzirden ätmegiň wagty geldi. Belarusdaky bilim ýokary taýýarlyk derejesi, okatmagyň döwrebap usullary we uçurymlarynyň halkara zähmet bazarynda isleglidigi bilen köp ýyllardan bäri ýokary baha mynasyp bolýar.

«Abraýly Watanyň» hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Kompaniýanyň hyzmatdaşlary Belarusyň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerini öz içine alýar.

Lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri:

Belarusyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Witebskiniň döwlet lukmançylyk uniwersiteti.

Tehniki we IT ugurlary boýunça:

Belarusyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti, Belarusyň milli tehniki uniwersiteti, Belarusyň döwlet tehnologiýa uniwersiteti.

Ynsanperwer we dil ugurlary boýunça:

Belarusyň döwlet daşary ýurt dilleri uniwersiteti, Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyň döwlet uniwersiteti, Fransisk Skorina adyndaky Gomeliň döwlet uniwersiteti, Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Poloskiniň döwlet uniwersiteti, P.M. Maşerow adyndaky Witebskiniň döwlet uniwersiteti, A.S. Puşkin adyndaky Brestiň döwlet uniwersiteti.

Aýratyn şertler: üç ýokary okuw mekdebi üçin hyzmatlar mugt

«Abraýly Watan» ýörite ýeňillikli teklibi yglan edýär. Aşakdaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girilende kompaniýanyň dalaşgärlere berýän doly goldaw hyzmatlary mugt hödürlenýär:

  1. Belarusyň döwlet tehnologiýa uniwersiteti;

  2. A.S. Puşkin adyndaky Brestiň döwlet uniwersiteti;

  3. P.M. Maşerow adyndaky Witebskiniň döwlet uniwersiteti.

Dalaşgärler mugt nämelere eýe bolýarlar?

  • laýyk hünäri we ýokary okuw mekdebini saýlap bermek;

  • okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlary boýunça maslahat hyzmatlary;

  • resminamalary taýýarlamakda we resmileşdirmekde ýardam;

  • ýokary okuw mekdebiniň kabul ediş topary bilen aragatnaşyk;

  • ilkinji maslahatdan başlap okuwa kabul edilýänçä doly goldaw.

Esasy artykmaçlyk – «Abraýly Watanyň» doly goldawy

Kompaniýanyň tejribeli hünärmenleri okuwa kabul ediliş işiniň her bir tapgyrynda size ýardam berer. Ilkinji maslahatdan başlap talyplyga kabul edilýänçä, üstünligiňize gyzyklanýan hünärmenler topary hemişe ýanyňyzda bolar.

Geljegiňizi ertire goýmaň. Belki-de, şu gün siziň abraýly bilim we üstünlikli hünär ýoluna alyp barýan ilkinji ädimiňizdir.

Mugt maslahat almak we maksatnama gatnaşmak üçin «Abraýly Watan» hususy kärhanasyna ýüz tutuň. Ýeňillikli şertler boýunça ýerleriň sany çäklidir.

Habarlaşmak üçin:

Telefonlar:

  • (+993 65) 05 72 75

  • (+993 64) 05 72 75

  • (+993 63) 27 72 75

  • (+993 62) 94 48 22

  • +375 25 656 78 62

  • +375 25 970 39 28

E-poçta: abraylywatan2024@gmail.com

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 120/1 ( «Şirin Nygmatlary» binasy).