Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudry bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit durnuklylygy we howpsuzlygy bilen bagly möhüm meseleleri, şeýle hem iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi A.Möwlamow myhmany Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrdy. Şunda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler barada aýratyn bellenildi.
Şeýle-de, ministre Türkmenistanyň sebitde durmuşa geçirýän iri energetika we infrastruktura taslamalary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu taslamalaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, sebitara arabaglanyşygy ösdürmekde hem-de Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde strategik ähmiýete eýedigi bellenildi.