1 — 5-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Wenada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça komissiýasynyň (CCPCJ) 35-nji mejlisiniň işine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda BMG-niň agza döwletleriniň wekilleri jenaýat kazyýetligi ulgamlaryny kämilleşdirmek, kanunyň hökmürowanlygyny berkitmek we transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyşynda ýurduň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça halkara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki oňyn ornuny belledi.
Türkmenistanda guramaçylykly jenaýatçylygyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda terrorçylyga, adam söwdasyna, korrupsiýa we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalaryň kabul edilendigi, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.