Turkmenportal logo
Şu gün 09:20
26002600
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

«Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan medeni-tanyşdyryş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çärä diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow hem-de uniwersitetiň rektory B.Mirzaýew gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. 

Çäräniň çäklerinde talyplaryň gatnaşmagynda konsert maksatnamasy guraldy. Onda garaşsyzlyga, parahatçylyga, dostluga we iki ýurduň baý medeni mirasyna bagyşlanan türkmen we özbek dillerindäki aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk çäresi dostluk we özara hormat goýmak ruhunda geçip, bilim, medeniýet hem-de ynsanperwer ugurlardaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Daşkentiň Irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak boýunça inženerler institutynyň on dokuz talyby S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünär tejribeligini geçdi.