Turkmenportal logo
Şu gün 09:05
17781778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Italiýa Respublikasynyň yglan edilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Italiýa Respublikasynyň yglan edilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert gurady.

Paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda italiýaly opera aýdymçysy, soprano Zoýe Papas çykyş etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, teatryň zaly tomaşaçylardan dolup, konsert uly gyzyklanma bilen geçdi.

Konsertiň maksatnamasyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri açdy. Şol agşam italiýaly aýdymçynyň ýerine ýetirmeginde kompozitorlar Pietro Maskanýiniň, Jakomo Puççininiň, Gaetano Donisettiniň, Luýiji Arditiniň we beýleki meşhur kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy.

Gelip çykyşy boýunça grek bolan Zoýe Papas dört ýaşyndan başlap aýdym-saz bilen meşgullanyp başlaýar. Ol opera aýdymçysy bolmagy berk maksat edinip, opera ariýalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi öwrenmek üçin ýörite Italiýa göçüp barýar.

Konsert Zoýe Papasyň grek dilinde ýerine ýetiren «Sirtaki» aýdymy bilen jemlendi.