Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 56-njy, 60-njy, 81-nji we 102-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen:
Mekan Ilmyradowiç Hümmedow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Mähriban Allaşükürowna Bagyýewa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenildi;
Aýjahan Ýagmyrowna Ymamberdiýewa Ahal welaýatynyň kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, ol şol kazyýetiň prezidumynyň düzümine girizildi we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Muhammetmyrat Alyýew Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Mekan Muhammetnurowiç Muhammetgurbanow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Şatlyk Babajanowiç Kozyýew Balkan welaýatynyň Etrek etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Maýsa Jumageldiýewna Metgeldiýewa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine bellenildi we ol Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Orazmuhammet Goçmämmedowiç Saparmuhammedow Lebap welaýatynyň Halaç etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Söhbet Hojamyradow Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Jeýhun Ylýas ogly Annagulyýew Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi;
Leýla Myradowna Kemalowa ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Dünýägözel Baýramsähedowna Begjanowa ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Meýlis Maksatgeldiýewiç Öwezow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;
Öwez Agageldiýewiç Esenow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.