Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak üçin ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, köki asyrlara uzaýan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün baý tejribä eýe bolup, syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy dürli ugurlarda täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak hem-de ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýär.
Söhbetdeşler iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak barada-da yzygiderli pikir alyşmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işewürlik geňeşiniň hem-de ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergileriň ähmiýeti barada aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hem birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.