Turkmenportal logo
04.06.26
93709370
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen dizaýnerleri milli lybasy döwrebap moda öwürýärler – rus hünärmeni

Türkmen dizaýnerleri milli lybaslary häzirki zaman modasynyň talaplaryna üstünlikli uýgunlaşdyryp, ýokary ussatlyk görkezýärler. Şeýle baha Russiýanyň arhitektura trikotažy boýunça dizaýneri, «SO love» brendiniň esaslandyryjysy we «Soýuzlegpromyň» (Ýeňil senagaty birleşigi) ýüňi gaýtadan işleýän senagat boýunça ýöriteleşdirilen komitetiniň agzasy Olga Kadeýkina tarapyndan Aşgabatda 4–6-njy iýunda geçirilýän «Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde berildi.

Bilermeniň pikirine görä, türkmen ussatlary milli lybasyň däp bolan aýratynlyklaryny häzirki zaman modasy bilen sazlaşykly utgaşdyrmagy başarýarlar. Şeýle çemeleşme milli özboluşlylygy we medeni aýratynlygy gorap saklamaga mümkinçilik berýär. Onuň bellemegine görä, türkmen milli egin-başlary diňe bir dünýäniň häzirki moda ugurlaryndan yza galman, eýsem öz täze ugurlaryny hem kemala getirip biler. Ýerli ussatlar tarapyndan taýýarlanylýan önümler ýokary hili bilen tapawutlanýar we ýurduň çäklerinden daşarda hem giňden ykrar edilmäge mynasypdyr.

Kadeýkinanyň sözlerine görä, türkmen milli keşdeçilik sungaty aýratyn ünsi çekýär. Reňkleriň baý öwüşgini hem-de nagyş çözgütleriniň takyklygy amaly-haşam sungatynyň milli mekdebiniň çuň taryhy köklerine şaýatlyk edýär. Hünärmen türkmen milli lybasynyň gündelik geýim hökmünde ulanmaga laýyk ähli aýratynlyklara eýedigini belläp, ony häzirki zaman lybas medeniýetine has giňden ornaşdyrmaga çagyrdy.

Olga Kadeýkina serginiň çäklerinde 4-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara moda görkezilişine hem gatnaşdy. Moda görkezilişine Russiýadan, Fransiýadan, Marokkodan, Omandan, Özbegistandan we Türkmenistandan dizaýnerler gatnaşdylar. Russiýanyň dizaýneri rus ýüňünden taýýarlanan öz lybaslarynyň toplumy bilen sergä gelenleri tanyşdyrdy.

«Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasy Aşgabatda 4–6-njy iýun aralygynda geçirilýär. Çäre dürli ýurtlardan öndürijileri, dizaýnerleri we pudak hünärmenlerini bir ýere jemläp, dokma senagaty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.