Turkmenportal logo
Düýn 20:16
33603360
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-nde Palestina Döwletiniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Palestina Döwleti bilen özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň medeni mirasyny gorap saklamaga we ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.