Turkmenportal logo
Düýn 20:06
39793979
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy, Gazagystanyň wekiliýetine bolsa Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk ulgamy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, raýatlaryň hukuklaryny goramak, konsullyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek we halkara hukugynyň belli bir ugurlary babatynda aragatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem degişli edaralaryň arasynda şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we amaly gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Maslahatlaryň netijeleri boýunça degişli Beýannama gol çekildi we taraplar konsullyk ulgamyndaky türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.