Belarusyň iň iri dokma önümleri öndürijileriniň biri bolan «Mogoteks» açyk paýdarlar jemgyýeti (Mogilýow şäheri) öz önümlerini Türkmenistana eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada kärhananyň satuwlar müdirliginiň başlygy Andreý Harkewiç Aşgabatda 4–6-njy iýunda geçirilýän «Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, kärhana dürli görnüşli matalary, ýörite iş geýimlerini we iş egin-eşiklerini öndürýär hem-de bu ugurda uly üstünlikler gazandy. Kärhananyň önümlerinden Belarusyň we Russiýanyň hukuk goraýjy edaralary peýdalanýar. Mundan başga-da, kompaniýa Özbegistana, Gazagystana we Moldowa dürli görnüşli matalary, garyşyk süýümli önümleri, perdelik matalaryny we taýýar perdeleri eksport edýär.
Andreý Harkewiç Türkmenistan bilen hem şeýle hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirip, kompaniýanyň resmi internet sahypasynda hödürlenýän önümleriň giň görnüşiniň munuň üçin uly mümkinçilik döredýändigini belledi.
Ol «Mogoteksiň» Belarus Respublikasynda dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hem-de taýýar tikin önümleriniň iri öndürijisi bolup durýandygyny aýtdy. Kärhana 1973-nji ýylda döredildi.
Önümçilik kuwwatlyklary barada durup geçen Harkewiç «Mogoteksiň» her aý takmynan 2,5 million metr uzynlykda mata öndürýändigini we ýylda 6,5 müň tonna çig maly gaýtadan işleýändigini habar berdi. Kärhananyň dokma, timarlaýyş we tikinçilik fabriklerinde jemi 2300 adam zähmet çekýär.
«Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasy Aşgabat şäherinde 4–6-njy iýun aralygynda geçirilýär.