Turkmenportal logo
Düýn 19:55
36553655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşkentde 4 – 6-njy iýun aralygynda Termez dialogynyň ikinji mejlisi geçirilýär

4 – 6-njy iýun aralygynda Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk meselelerine bagyşlanan Termez dialogynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Forum Ýewropa, GDA, Amerika, Ýakyn Gündogar, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, bilermenler we seljeriş merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Forumyň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag-üstaşyr özara baglanyşygy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň arasynda durnukly logistika ugurlaryny döretmek meselelerine esasy üns berilýär.

Häzirki döwürde özara baglanyşygy ösdürmek sebit döwletleriniň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde we olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag we energetika geçelgelerini giňeltmäge gönükdirilen iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalar, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, elektrik geçiriji ulgamlary we optiki-süýmli aragatnaşyk ulgamlary sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu başlangyçlar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de sebit ýurtlarynyň durnukly ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermek we onuň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeň proseslerine çekilmegi bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berilýär. Bilelikdäki infrastruktura, ulag we ynsanperwer başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň Merkezi we Günorta Aziýa giňişliginde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygy bellenilýär.

Forumyň gatnaşyjylary howa gün tertibi, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlyk we adam maýasyny ösdürmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşýarlar. Bilim we ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hem-de häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň möhümdigi nygtalýar.

Termez dialogy sebit döwletleriniň amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara ynamy pugtalandyrmaga we umumy parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine netijeli sebitara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kemala getirmäge bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny tassyklaýar.