Turkmenportal logo
Düýn 17:17
49554955
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň her üçünji ýaşaýjysy— çaga
Surat: rg.ru

Maşgalanyň we döwletiň umumy hem-de mukaddes borjy bagtly çagalyk üçin şertleri döretmekdir diýip, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow aýdýar. Respublikanyň döwlet baştutanynyň nygtamagyna görä, täze nesil düýbünden täze şertler hem-de mümkinçilikler döwründe kemala gelýär.

GR-iň Milli statistika geňeşiniň maglumatlaryna görä, ýurduň ilaty örän ýaşdyr. Ýaşaýjylaryň 37 göterimi ýa-da 2,73 million çaga bolup, olaryň paýy barha artýar. Geçen ýyl kämillik ýaşyna ýetmedik gyrgyzystanlylaryň sany 15 müň adam artdy. Batken, Jelalabat, Oş, Talas we Naryn oblastlarynda çagalaryň paýy ýurt boýunça ortaça görkezijiden hem artykdyr.

Resmi statistika laýyklykda, Gyrgyzystanda ýaşaýan çagalaryň 38 göterimi ýedi ýaşa çenli topara degişli (1,045 mln adam). Ýene 46 göterim – 7-14 ýaş aralygyndakylar. Galan 16 göterim bolsa, ýetginjeklere degişli (15-17 ýaş). Çagalaryň üçden iki bölegi (63 göterimi) oba ýerlerinde ýaşaýar.

2025-nji ýylyň ahyrynda Respublikanyň çäginde 2 müňden gowrak çagalar bakja baglary, 2,4 müň orta bilim edaralary hasaba alyndy. Ýurtda 276 müň çaga mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýelenýär. Mekdeplerde 1,6 million töweregi çaga okaýar diýip, «rg.ru» ýazýar.