Saud Arabystanynyň Şazadasy, Onuň Alyhezretleri Mohammed bin Faýzal bin Fahad bin M.bin Abdulaziz Al Saud 24 ýaşynda dünýäniň iň beýik ýerine – Ewereste çykan ilkinji ýaş araplaryň biri boldy. Bu barada «The Tourism Times» neşirine salgylanyp, «Gazeta.ru» habar berdi.
Şazadanyň Ewereste çykyşy «Elite Exped» toparynyň hatarynda 27-nji maýda ir sagat 7:30-da amala aşdy.
Bu waka Saud Şazadasynyň «Elite Exped» topary bilen «Ýedi belentlik» maksatnamasynyň çäklerinde altynjy daga münüşidir, ol bu ajaýyp taslamany tamamlamak üçin ýene-de bir belentligi boýun egdirmeli.