Turkmenportal logo
Düýn 10:30
45784578
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýan «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň giň sahnasynda halk aýdymlary, şabram perdeli dutarlaryň owazy belent ýaňlandy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bäsleşige bagşylaryň hem-de sazandalaryň 20-si gatnaşdy. Halypa bagşy-sazandalardan, sungat işgärlerinden düzülen eminler topary aýdymlaryň saýlanylyp alnyşyna, ýerine ýetirilişine, çykyş edýänleriň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymyň sözleriniň dürs aýdylyşyna baha berdiler.

Sahna medeniýetiniň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň wajyplygyny aňladýan bu talaplary berjaý etmegiň hötdesinden gelen ýaşlaryň 4-si ýeňiji diýlip yglan edildi.

Akdepe etrabyndan Perman Gurbanow bilen Görogly etrabyndan Aýperi Artykowa bagşyçylyk ugrundan öňe saýlansalar, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Nurana Arazgeldiýewa bilen şäher medeniýet merkezinde işleýän Sahy Täçmedow dutar çalmak boýunça ýeňiji boldular.

Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.