Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMGÖM-niň arasynda bilelikde maliýeleşdirmek boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Mundan başga-da, aşakdaky resminamalara gol çekildi: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda « Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamak» atly taslama resminamasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň AIDS-e/ Inçekesele/Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznanyň goldawyndan çykmagy» atly Taslamanyň resminamasyna üýtgetmek.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk»;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy «Adam maýasynyň strategik meýilnamalaşdyrylyşynyň Milli ulgamy» atly Taslama resminamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy.