Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi we ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişilip, 2026-njy ýylyň bu möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, galla oragyna girişmek dabaralarynyň çäginde maslahatlar, aýdym-sazly çykyşlar, oba-hojalygyna bagyşlanan sergiler, muzeýlere, medeni-taryhy ýadygärliklere gezelençler guraldy.
Gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde ilkinji degişli welaýatlarda ilkinji bugdaý harmanlary emele geldi. Möwsümiň ilkinji hasylyndan unuň, çörek we çörek önümleriniň taýýarlanylmagy toprak bilen adamyň arasyndaky ebedi arabaglanyşygyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Dabaralaryň dowamynda orak möwsüminiň ilkinji iş gününde has tapawutly zähmet çeken gallaçy kärendeçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Orak möwsüminiň ilkinji gününde bugdaý oragyndan boşan ýerleriň samanyny ýygnamak, yzysüre bolsa gije-gündizleýin sürüm işlerine girişilmegi welaýatlarda şu ýylyň hasylynyň aladasynyň hut şu günden edilýändiginiň güwäsi boldy.
Harmanyňyza bereket, edermen daýhanlar!