Turkmenportal logo
03.06.26
1173811738
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri geçirdiler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda we konsullyklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Pariž şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady. Bu sport we ekologiýa çäresine ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Fransiýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Pariž şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we fransuz talyplary gatnaşdylar.

Şu gün Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy. Sport çäresine Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, gruziýaly tanymal türgenler we tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Welosipedli ýörişine gatnaşyjylar Tbilisi şäheriniň köçelerinden Gruziýanyň gadymy taryhy paýtagty bolan Msheta şäherine tarap hereket etdiler.

Şeýle-de Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi. Sport çärelerine diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýolunda geçirildi.

1-nji iýunda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Saud Arabystany Patyşalygyndaky Türkmenistanyň raýatlary, türkmen diasporasynyň wekilleri we Er-Riýad şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy hem köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirdi. Bu sport çäresine türkmen diplomatik wekilhanasynyň işgärleri, olaryň maşgala agzalary, türkmen talyplary we türgenler gatnaşdylar.

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýöriş Russiýanyň paýtagtynda hem geçirildi. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Moskwanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri we Moskwada işleýän diplomatik korpusyň agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri geçirdiler | Turkmenportal.com