Turkmenportal logo
Düýn 19:30
91409140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň direktory bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň kompaniýalarynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar söhbetdeşligiň barşynda Geňeşiň iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm meýdança bolup durýandygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, Aşgabatda, takmynan, on sany ABŞ-nyň kompaniýasynyň, şol sanda «Climate Compass», «John Deere» we «Westport Trading» ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Çärede türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.

DIM-de geçirilen duşuşykda Geňeşiň işiniň döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýändigi bellenildi. Taraplar ulag-logistika, energetika, nebit-gaz, oba hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şeýle hem günde wekiliýet agzalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hem ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.