Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary işler ministrleri geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçirilmegi bilen bagly meselelerine seretdiler. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler diýlip, habarda bellenilýär.