Turkmenportal logo
Düýn 16:02
1880218802
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda diplomlary we bilim hakyndaky şahadatnamalary resmileşdirmegiň tertibi täzelendi

Türkmenistanda bilim hakyndaky resminamalary döwlet dilinde we daşary ýurt dilinde resmileşdirmegiň tertibini düzgünleşdirýän täze kadalaşdyryjy hukuk namasy güýje girdi. Türkmenistanyň bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda çykaran №195 belgili buýrugy bilen degişli Tertipnama tassyklanyldy we şol bir wagtda öň hereket eden 2019-njy ýylda çykarylan №212 belgili buýruk güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

Resminama görä, mundan beýläk ähli döwlet nusgasyndaky diplomlar we bilim hakyndaky beýleki resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde we (ýa-da) iňlis dilinde resmileşdirilýär. Diploma goşundy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme) Türkmenistanyň döwlet dilinde düzülýär, emma uçurymyň ýazmaça arzasy boýunça goşmaça tarapdan iňlis dilinde hem resmileşdirilip bilner.

Täze tertip arzalary doldurmakda hem birnäçe talaplary goýýar: diňe syýaly ruçka bilen elde doldurmaga rugsat berilýär, şunda düzetmeler, üstüni çyzmalar we pozmalar gadagan edilýär. Resminamanyň eýesi baradaky maglumatlar takyk pasport maglumatlarynyň esasynda girizilýär, adynyň we familiýasynyň iňlis dilinde ýazylyşy bolsa daşary ýurt pasportynyň maglumatlaryna laýyk gelmelidir.

Şeýle hem Tertipnama ýitirilen, ýanan ýa-da zaýalanan ýagdaýynda onuň dublikatyny (nusgasyny) bermegiň amallaryny hem kesgitleýär. Hususan-da, resminama ýitirilende, onuň hakyky däldigi barada gazetde bildiriş çap etmek we içeri işler edaralaryndan degişli güwänamany almak zerurdyr.

Bilim hakyndaky resminamalaryň blankalaryny saklamak wezipesi okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen bellenilýän jogapkär işgäriň üstüne ýüklenilýär. Blankalar duýduryjy bilen enjamlaşdyrylan otaglarda, otda ýanmaýan seýflerde saklanýar. Bilim hakyndaky resminamalaryň hasaba alnyşyny, saklanylyşyny we gowşurylyşyny guramak üçin okuw mekdebiniň ýolbaşçysy şahsy jogapkärçilik çekýär.