Turkmenportal logo
Şu gün 15:27
54255425
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Messi futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda şahsy türgenleşiklere başlady

Sekiz gezek «Altyn topuň» eýesi bolan Lionel Messi futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ilkinji türgenleşigini aýratyn meýilnama boýunça geçirdi. Bu barada Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) resmi saýtynda habar berildi.

Toparyň ilkinji türgenleşigi ABŞ-nyň Kanzas ştatynda geçirildi. Ýaryşyň başlanmagyndan öň argentinaly futbolçylar Gonduras we Islandiýa milli ýygyndylary bilen 6-njy we 9-njy iýunda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler.

«Özlerini oňaýsyz duýýan ýa-da şikesden soň dikeldiş döwrüni geçýän futbolçylar fizioterapewtler topary bilen işlemegini dowam etdirýärler hem-de meýdançada ýörite maşklary ýerine ýetirýärler. Olaryň dikelişi üstünlikli geçýär we ýagdaýlarynda oňyn ösüşler görünýär» — diýlip, AFA-nyň beýanatynda bellenilýär.

25-nji maýda «Inter Maýami» klubynda çykyş edýän Messi MLS çempionatynyň «Filadelfiýa Union» toparyna garşy oýnunda (6:4) fiziki oňaýsyzlyk sebäpli 73-nji minutda çalşyldy. Soňra klub tarapyndan geçirilen lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde 38 ýaşly hüjümçide çep aýagynyň dyzynyň aşaky bölegindäki myşsalaryň ýadawlygy bilen baglanyşykly aşa agram düşmesi ýüze çykarylandygy habar berildi. Dikeliş möhleti barada anyk maglumatlar berilmeýär.

Futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Argentinanyň milli ýygyndysy J toparçada Alžiriň, Awstriýanyň we Iordaniýanyň ýygyndylary bilen bäsleşer.

Bu ýaryş Messi üçin futbol durmuşyndaky altynjy dünýä çempionaty bolar. Ol Ispaniýanyň çempionatynyň, «Barselona» klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň netijeli bombardiridir. Milli ýygyndy bilen bilelikde ol iki gezek Amerikanyň Kubogyny (2021, 2024) gazandy, «Finalissima» ýaryşynyň (2022) hem-de 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.