Turkmenportal logo
Şu gün 15:23
16071607
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dewid Bekhem Golliwudyň Şöhrat seýilgähinde öz adyna ýyldyz alar

«Mançester Ýunaýtediň» we «Realyň» öňki ýarym goragçysy ser Dewid Bekhem Golliwudyň Şöhrat seýilgähinde öz adyna ýyldyz bilen sylaglanar. Bu barada Golliwud Söwda palatasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Bekhemiň adyna goýlan ýyldyzyň açylyş dabarasy 12-nji iýunda Golliwud bulwarynda geçiriler. Los-Anželesde boljak çäräde aktýor Tom Kruz hem-de öňki futbolçynyň aýaly, «Spice Girls» toparynyň ozalky agzasy Wiktoriýa Bekhem çykyş eder.

Bekhem 51 ýaşynda. Özüniň futbol ýolunda ol «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid», «Milan», «Los-Anželes Gelaksi» we PSŽ toparlarynda çykyş etdi. « Mançester Ýunaýtediň» düzüminde ol alty gezek Angliýanyň çempiony boldy, iki gezek ýurduň kubogyny gazandy we bir gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

«Real Madrid» bilen Ispaniýanyň çempionatynda (La Liga) ýeňiş gazanyp, Ispaniýanyň Superkubogyna eýe boldy. PSŽ bilen Fransiýanyň çempiony, «Los-Anželes Gelaksi» bilen bolsa MLS ligasynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Bekhem 115 duşuşyk geçirip, 17 gol geçirdi.

Maý aýynda Bekhemiň baýlygy 1 milliard funt sterlinge ýeten Beýik Britaniýanyň ilkinji türgeni boldy. Häzirki wagtda ol MLS-de çykyş edýän «Inter Maýami» klubunyň şärik eýeleriniň biri bolup durýar.