Futbol boýunça dünýäniň üç gezek çempiony bolan ýeke-täk futbolçy Peläniň futbolkasy auksiona çykaryldy. Bu barada Sotheby’s auksion öýüniň resmi saýtynda habar berildi. Kim ýokary söwdasy 29-njy iýundan 16-njy iýula çenli dowam eder we lotuň başlangyç bahasy 6 million dollar hökmünde kesgitlenendir.
Auksiona çykarylan futbolkada 17 ýaşly Pele 1958-nji ýylda geçirilen ilkinji dünýä çempionatynda çykyş edipdi. Şol çempionat Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýaryşyň ýer eýeleri bolan Şwesiýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen final duşuşygynda Pele iki gol geçirip, dünýä çempionatlarynyň taryhynda gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy. Bu rekord häzirki güne çenli hem braziliýaly ýyldyza degişlidir.
Futbolçynyň köýnegi üçin tölenen iň ýokary möçber 2022-nji ýylda hasaba alnypdy. Şonda argentinaly Diego Maradonanyň 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Angliýanyň derwezesine meşhur «eli bilen uran goluny» geçiren wagtyndaky futbolkasy 9,3 million dollara satylypdy.
Auksionda beýleki gymmatly lotlar hem hödürlenýär. Olaryň arasynda 1958-nji ýylda çykarylan Peläniň toplumlaýyn kartasy (150–200 müň dollar), Maradonanyň 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda geýen kapitanlyk daňysy (100 müň dollar), şeýle hem Lionel Messiniň ýedi sany futbolkasy bar. Olaryň biri Messiniň «Barselona» toparynyň düzüminde 2016/17 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda PSŽ toparyny 6:1 hasabynda ýeňmegine goşant goşan duşuşygynda geýen futbolkasydyr. Bu lot 200–400 müň dollar aralygynda bahalandyrylýar.
Pele futbolyň taryhynda oýunçy hökmünde üç gezek dünýä çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr (1958, 1962, 1970). Klub derejesinde ol 18 ýyllap Braziliýanyň «Santos» toparynda çykyş etdi, soňra bolsa üç möwsüm ABŞ-nyň «Nýu-Ýork Kosmos» klubynda oýnap, 1977-nji ýylda futbol ýoluny tamamlady. Pele 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda aradan çykdy.