Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýan sene — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlap, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Diýary ösen sport döwletine öwürmek ugrundaky tagallalaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta söýgi durmuşa söýgüdir. Sport raýatlaryň beden hem-de ruhy sagdynlygy babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir. Şoňa görä-de, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek babatda ähli zerur şertler döredilýär. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýokary netijeli sporty wagyz etmäge hem üns berilýär. Şeýle binýatlaýyn esasda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar» diýip belleýär.
«Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Siziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyňyzyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek ýaly asylly däbiň başynyň başlanylmagy bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly sazlaşygyny döredýär. Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň çäginde welosport boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçiligi bolan Welotrek binasynyň, paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň tarapdarlarynyň barha artýandygyny görkezýär» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda nygtaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynyň ahyrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkara baýram hökmünde uly ruhubelentlikde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, sport diplomatiýasyny has-da ilerletmek ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.