9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň daşary ykdysady işine gatnaşýan hususy taraplaryna hem-de logistik kompaniýalaryň wekillerine gümrük işi boýunça hukuk kömegini bermek maksady bilen Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirýär. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Iş maslahatyň barşynda, Türkmenistandan eksport edilýän we daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň hukuk esaslary hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi, halkara ýük daşamalaryna bildirilýän talaplar, şeýle hem gümrük işinde sanly ulgamyň ulanylmagy bilen bagly täze girizilen düzgünler we gümrük işi bilen bagly ýüze çykýan soraglar boýunça hukuk kömegi berler.
Başlaýan wagty: 10:00
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler zaly (2-nji gat).
Salgysy: Mary şäheri, Bitaraplyk köçesi, 18-nji jaý.
Iş maslahaty bilen bagly goşmaça soraglar boýunça «Sorag-jogap» hyzmatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz. Telefon belgisi: 39-41-39.