Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç täze möhlet üçin saýlawlara gatnaşmaz, emma ol ýurduň syýasy durmuşynyň bölegi bolar. Bu barada Peterburg halkara ykdysady forumynyň öňüsyrasy «Serbiýagaz» döwlet gaz kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň başlygy, Serbiýanyň öňki wise-premýeri Aleksandar Wulin TASS gullugyna interwýusynda habar berdi.
Wulin serb lideriniň ýurduň Konstitusiýasynda berkidilen iki gezeklik Prezidentlik möhleti barada düzgüni bozmajakdygyny, emma onuň syýasat bilen meşgullanmagyny dowam etjekdigini nygtady.
Aleksandar Wuçiç ilkinji gezek 2017-nji ýylda Serbiýanyň Prezidentligine saýlandy. 2022-nji ýylda ikinji möhlete saýlanan Wuçiçiň Prezidentlik ygtyýarlylyklary 2027-nji ýylda dolýar.
«Gazeta.ru» neşiri Wuçiçiň premýer-ministriň wezipesine dolanmagynyň mümkindigini ýaňzydandygyny «Bloomberg» agentligine salgylanyp habar berdi. Ýagny syýasatçy esaslandyran «Serb progressiw partiýasynyň» heniz hem özüne mätäçlik çekýändigini aýtdy.