Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplar toplumy taýýarlanyldy. Kitaplar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, awtorlar J.Hatamow we J.Gurbangeldiýew tarapyndan taýýarlanan «Dünýä taryhy» okuw kitaby 12-nji synp okuwçylaryna niýetlenendir.
Bu okuw kitap XXI asyryň syýasy, ykdysady we sosial üýtgeşmelerine bagyşlanypdyr. Okuw kitap bir bölümden, 3 bapdan we 32 paragrafdan ybarat.
Şeýle hem 9-njy synp okuwçylar üçin L.Kasparowanyň, S.Musaýewanyň, G.Atadurdyýewanyň taýýarlamagynda rus dilinde «Edebiýatdan hrestomatiýa» okuw kitaby çap edildi.

Hrestomatiýa edebiýat boýunça bilim maksatnamasyna laýyklykda işlenildi we okuwçylaryň edebi-çeper başarnyklarynyň kämilleşdirilmegine we sungat ukyplarynyň ösdürilmegine gönükdirilen. Edebiýat okuw kitabyna goşant boljak bu hrestomatiýa öwrenilen maglumatlaryň berkidilmegine, bilimlerini giňeltmäge ýardam berer.