Turkmenportal logo
Şu gün 09:56
26552655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sankt-Peterburgda 3-6-njy iýunda Peterburg halkara ykdysady forumy geçer
Surat: Surat: tass.ru

3-6-njy iýunda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Peterburg halkara ykdysady forumy (PHYF) geçer. Foruma gatnaşmakçydyklaryny 130-dan gowrak ýurduň hem-de çäkleriň wekilleri tassykladylar, olaryň arasynda döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, işewürligiň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleridir bilermenler bar diýip, «Sinhua» agentligi ýazýar.

Forumyň ekspozisiýalarynda senagat, ylym, tehnologiýalar, logistika, turizm, kreatiw ykdysadyýet we ýaşlar telekeçiliginiň taslamalary tanyşdyrylar. Ýurduň sebitleriniň 20-den gowragy öz gazananlaryny görkezer.

PHYF-niň bu gezekki myhman-ýurdy Saud Arabystany bolar.

Forumyň baş mowzugy – «Pragmatik dialog – durnukly geljege ýol» bolup, maksatnama dünýä ykdysadyýetiniň özgerýän şertlerinde ählumumy ösüşiň täze gurluşyny kemala getirmäge bagyşlanandyr.

Russiýanyň döwlet Baştutany 5-nji iýunda forumyň plenar-ýygnagynda çykyş eder. Prezident Wladimir Putin özüniň PHYF-2026-da çykyşynyň mazmunyny açmakdan saklandy diýip, TASS ýazýar. Rus lideri žurnalistleriň bu barada sowalyna: «Çykyşymyň mazmuny barada sowalyňyza jogap bersem, geliň, bu hakynda öňünden hiç zat aýtmaýyn. Ýogsam, siz foruma gelmersiňiz, deslapdan bilseňiz, gyzykly bolmaz» diýip jogap berdi.