Daşoguz welaýatynda gymmatly çig malyň, ýagny ýüpek gurçugynyň pilesiniň 500 tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Netijede, şertnamalaýyn tabşyryklar artygy bilen berjaý edildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Şabat we Garaşsyzlyk etraplarynyň ýüpekçileri aýratyn tapawutlandylar.
Zähmet borçnamalaryny üstünlikli dowam etdiren iri hojalyklaryň arasynda Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçileri hem bar, olar piläni meýilleşdirileninden alty tonna köp taýýarladylar.
Welaýatda uzak wagtyň dowamynda ýüpekçilik oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar.
Alnyp barylýan işleriň netijesinde, şu günki günde sebit ýüpek gurçugynyň piläsini uly möçberlerde öndürmek üçin ähli mümkinçiliklere, şol sanda oňat iýmitlik binýadyna eýedir. Ýüpek gurçugyny saklamak boýunça baý tejribe bu ýerde her ýyl jogapkärli möwsüme işjeň gatnaşýan we önümçilige döwrebap ylmy maslahatlary ornaşdyrýan müňlerçe kärendeçiler tarapyndan toplanyldy.