Turkmenportal logo
Şu gün 09:22
13241324
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni bilen watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen watandaşlaryny tüýs ýürekden gutlap, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp halkara senäniň şanyna geçiriljek çäreleriň mähriban Watana, sagdyn we bagtyýar durmuşa, berkarar döwletde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynandyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy bagtyýar halkymyzy çäksiz buýsandyran wakalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir» diýip bellenilýär.

«Garaşsyz ýurdumyz beýleki möhüm ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa babatda halkara resminamalara işjeň goşulyp, daşky gurşawy goramaga we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns berýär. Diýarymyzda köpçülikleýin ylgaw hem-de welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Welosiped sporty hem ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ata Watanymyzyň aýdyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sportuň dürli, şol sanda hereketli milli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi mynasyp dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtaýar.