Turkmenportal logo
02.06.26
1116611166
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň welaýatlardaky önümçilik birleşiklerine täze tehnikalar gelip gowuşdy

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň welaýatlardaky önümçilik birleşiklerine dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kuwwatly täze tehnikalary gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, oba hojalyk tehnikalarynyň täze tapgyry galla oragy möwsüminiň has-da guramaçylykly geçirilmeginde uly goşant bolar.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň galla oragyny guramaçylykly hem-de gysga möhletde geçirmek üçin bugdaý oragynyň öňüsyrasynda ýurduň welaýatlaryna oba hojalyk tehnikalaryny we ýöriteleşdirilen dürli görnüşli awtoulaglaryň ilkinji tapgyry getirildi. Täze satyn alnan däne ýygýan kombaýnlaryň, ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň hem-de ýük daşaýjy awtoulaglaryň gelip gowuşmagy Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň şatlygyna şatlyk goşdy. Şeýle Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda Döwlet ýer kadastry maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet geomaglumatlar ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugyna «Toyota» kysymly ýeňil awtoulaglary hem-de dürli görnüşli döwrebap enjamlar satyn alyndy.