Turkmenportal logo
Düýn 21:59
65846584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy tassyklanyldy

Daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň  täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen,  Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.