1-nji iýunda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde uçurymlar üçin gutardyş jemleýji döwlet synaglary başlandy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, synaglaryň başlanandygyny ilkinji bolup Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti yglan etdi.
Şu ýyl uniwersitetde 30-dan gowrak taýýarlyk ugry boýunça hünärmen, bakalawr we magistr derejeleri boýunça bilim alan 1879 talyp okuwy tamamlaýar.
Her bir uçurym üçin deň we amatly şertleri döretmek maksady bilen, uniwersitetde 21 sany gutardyş jemleýji döwlet synag topary döredildi. Olara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary hem-de ylmy işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary ýolbaşçylyk ederler.
Ýokary okuw mekdebinde bellenilişi ýaly, geljekki hünärmenleriň taýýarlygy milli bilim maksatnamalarynda we strategiýalarynda kesgitlenen ileri tutulýan wezipelere laýyklykda amala aşyryldy.