Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Moskwada geçirilen «Melihowo bahary» atly XXXI halkara teatr festiwalyna «Çehowyň degişmeleri» atly sahna oýny bilen gatnaşdy. Bu spektakl festiwalyň režissýorlyk üçin niýetlenen Kubogyna mynasyp boldy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
«Melihowo bahary» atly XXXI halkara teatr festiwaly 22 — 31-nji maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan beýik rus ýazyjysy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanyp geçirildi.
Ýaş režissýor Baýram Garajaýewiň sahnalaşdyran eserinde baş keşplerde Atageldi Güseýnow, Alina Andronowa çykyş edýärler.
Halkara festiwalda 10-dan gowrak döwletden gatnaşan döredijilik toparlary tarapyndan jemi 27 sahna oýny görkezildi. Türkmen teatr artistleri festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler, ara alyp maslahatlaşmalara, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar.