Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna ýurduň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we bu waka mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçileriň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurduň ussat pileçilerini, türkmen halkyny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.