Turkmenportal logo
Düýn 21:51
71937193
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped gününiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýurduň bugdaý ekilen meýdanlarynda galla oragyna girişmek hem-de bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda  agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Ýurtda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin möhüm çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenilen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi hem-de şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ideg etmek işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, şeýle hem galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmeginiň we bu möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini  gözegçilikde saklamagy hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.