Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli şu gün «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan bilelikde guralan çagalar baýramçylygynyň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň sergisi çäräniň iň gelim-gidimli we täsirli meýdançalarynyň birine öwrüldi.
Birleşigiň hünärmenleri ýaş myhmanlara we olaryň ene-atalaryna dürli haýwanlarydyr guşlary tanyşdyrdylar. Türkmen alabaýynyň güjükleri çagalarda aýratyn gyzyklanma döretdi, çagalar olary diňe bir synlaman, eýsem, sypalamaga-da mümkinçilik aldylar. Şeýle hem sergi meýdançasynda ördekler, gazlar, tawuslar, towşanlar, guzular, kirpiler, sülgünler we meýdan towuklary görkezildi.
Çagalaryň köpüsi ilkinji gezek haýwanlar bilen şeýle ýakyndan tanyşmaga, olaryň gylyklaryna syn etmäge we ýadygärlik surata düşmäge mümkinçilik aldylar. Myhmanlaryň iň uly ünsüni kiçijik alabaýlar we guzular çekdi, olaryň töweregine baýramçylygyň dowamynda maşgalalar yzygiderli ýygnandylar.
Baýramçylyk çäreleri sagat 10:00-da şowhunly açylyş dabarasy bilen başlandy. Ondan soňra myhmanlar üçin mowzuklaýyn meýdançalar, ussatlyk sapaklary, döredijilik we sport çäreleri bilen baýlaşdyrylan maksatnama hödürlenildi.
Bu baýramçylyk çagalary, ene-atalary we dürli guramalaryň wekillerini birleşdirip, şatlykly hem-de mähirli gurşawy döretdi. Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň gatnaşmagy çäräniň diňe bir göwün açyjy bolman, eýsem, ýaşajyk myhmanlary ýurduň baý haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyryp, bilim beriji häsiýete eýe bolmagyny hem üpjün etdi.