Turkmenportal logo
Şu gün 17:14
52125212
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Moskwada 4— 6-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri bolar. Çäre Russiýanyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem-de «Roskonsert» federal döwlet býujet medeniýet edarasy bilen bilelikde guralýar.

Türkmenistanly döredijilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky konsertler 4-nji iýunda «Russkaýa pesnýa» teatrynda (Moskwa wagty bilen sagat 19:00-da) we 6-njy iýunda «Et Cetera» teatrynda (Moskwa wagty bilen sagat 18:00-da) bolar. Çäreleriň çäginde, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerini, milli däp-dessurlaryň hem-de senetçiligiň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.

Giriş mugt, öňünden hasaba durmak arkaly amala aşyrylýar.