Turkmenportal logo
01.06.26
1065010650
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly mekdep okuwçy «Ýylyň ýaş alymy — 2026» bäsleşiginde ýeňiji boldy

Russiýanyň Penza şäherinde «Ýylyň ýaş alymy — 2026» ady bilen geçirilen XXIV halkara ylmy-gözleg bäsleşiginde Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Yhlas Gurbanmuhammedow 1-nji orna mynasyp boldy. Ol bu bäsleşige mugallymy Gunça Ataýewanyň ýolbaşçylygynda gatnaşdy.

«Ýylyň ýaş alymy — 2026» Penza şäherindäki «Hayka и пpocвещения» ylmy-metodiki merkezi tarapyndan yzygiderli geçirilýär. Bäslesigiň maksady ýaşlaryň yImy işlerini höweslendirmek hem-de olaryň ylmy makalalaryny çap etmekden ybaratdyr.

Ýeňijiler I, Il we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar hem-de olaryň işleri ýörite ylmy makalalar ýygyndysynda neşir edilýär.