Turkmenportal logo
Şu gün 15:16
46994699
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň ýaşaýjysy ýylan tüpeňlejek bolup bäş adamy ýaralady
Surat: smi2.ru

Türkiýeli ýylana ot açdy we tötänden bäş adamy ýaralady. Bu barada «TRT Haber» teleýaýlymy habar berdi.

Waka Şanlyurfa ülkesiniň Siwerek etrabynda boldy. Ustündaş diýen obaly öýüniň ýanynda ýylan gördi. Aw tüpeňini alyp ony atmaga başlady. Emma oky nyşana degmän, golaýdaky bäş adamy, şol sanda iki çagany ýaralady.

Oba žandarmeriýa hem-de lukmançylyk toparlary geldi. Ejir çekenler gyssagly Siwerekdäki döwlet hassahanasyna ýerleşdirildi. Olaryň ýagdaýy kadaly.

Emma ýylana näme bolany belli däl diýlip, habarda aýdylýar.