ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp her ýylky lukmançylyk barlagyndan geçdi, onuň saglyk ýagdaýy örän gowy diýip, amerikan lideriniň şahsy lukmany habar berdi. Şunuň bilen birlikde, Ak tamyň başlygyna fiziki maşklara köpräk üns bermegi hem-de artykmaç agramy taşlamagy maslahat berdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ak tamyň çap eden lukmançylyk barlagynyň netijenamasynda Prezidentiň şahsy lukmany, kapitan Şon Barbarelle geljek ýyl 80 ýaşy dolýan Trampyň «ýürek-damar, dem alyş we degna ulgamlarynyň hem-de umumy fiziki başarnyklarynyň gowudygyny» bellemek bilen, «ol baş serkerdebaşynyň we döwlet Baştutanynyň ähli borçlaryny ýerine ýetirmäge doly ýaramly» diýdi.
Netijenama görä, Tramp ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesinde iň gartaşan adamdyr, ol Monreal akyl ukyplarynyň bahalandyrmasy ölçegi boýunça mümkin bolan 30 utugyň 30-syny aldy. Barbarella şeýle hem Prezidentiň ýüreginiň 14 ýaş kiçi adamyňky ýalydygyny nygtady.
Trampyň agramy 108 kilogram, bu 2025-nji ýylyň aprelindäki lukmançylyk barlagynda hasaba alnandan 6,3 kilogram artykdyr. Şonuň üçin Barbarella döwlet Baştutanyna iýmitlenmek, fiziki işjeňlik we horlanmak barada maslahat berdi.