Turkmenportal logo
Şu gün 12:16
30983098
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni uly ruhubelentlikde bellenildi

Şu gün Çagalary goramagyň halkara gününde «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde guralan çagalar baýramçylygynyň dabaraly açylyşy boldy.

Çäräni guraýjylaryň hatarynda Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy çykyş etdi.

Baýramçylyk çäreleri sagat 10:00-da dabaraly açylyş dabarasy bilen başlandy, şondan soň körpe myhmanlar we olaryň ene-atalary üçin gyzykly dynç alyş maksatnamasy taýýarlandy. Seýilgähiň çäginde çagalaryň dürli ussatlyk sapaklaryna, döredijilik we sport çärelerine gatnaşyp biljek köpsanly mowzuklaýyn meýdançalary we interaktiw zolaklary hereket etdi.

Gelen myhmanlaryň ählisine — çagalara we uly ýaşlylara mugt miweler, süýji önümler, hem-de suwlar hödürlendi.

Körpe tomaşaçylar üçin «Aladdin» gurjak oýuny görkezildi. Seýilgähiň ýodalarynda şadyýan sazyň astynda ertekileriň gahrymanlary bilen bilelikde tans etmek mümkinçiligi döredildi.

Seýilgähiň dürli künjeklerinde aýdym-sazlar ýaňlandy, tans we saz toparlary, sirk artistleri çykyş etdiler.

Seýilgähiň saýaly künjeklerinde ýaş küştçüler ýerleşdi, ýaş suratkeşler bolsa açyk asmanda öz döredijilik ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Çagalary, ene-atalary, dürli guramalaryň wekillerini bir ýere jemlän baýramçylyk mähirli we şatlykly ýagdaýda geçip, Türkmenistanyň paýtagtynda Çagalary goramagyň halkara gününiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.