Turkmenportal logo
Şu gün 11:47
46434643
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebabyň döwlet sazly-drama teatrynda tatar dramaturgynyň «Hüwdi» atly pýesasy sahnalaşdyryldy

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda belli tatar dramaturgy Tufan Minnulliniň «Hüwdi» atly pýesasy sahnalaşdyryldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Täze spektakly ýaş, zehinli režissýor Suraý Rahmanowa sahnalaşdyrdy. Bu spektakl öň şowly çykan «Täze ýyl ertekilerine» režissýorlyk eden S.Rahmanowanyň ilkinji uly göwrümli sahna oýnudyr. Täze sahna eseriniň aýratyn tarapy oňa diňe zenanlaryň gatnaşmaklarydyr we wakalaryň hassahananyň çaga dogrulýan bölüminde bolup geçmegidir.

Durmuşdaky gapma-garşylyklaryň, çagalara terbiýe bermekde goýberilýän hatalaryň soňlugyça ahmyra öwrülip, ykbalyňa we çagalaryň geljegine edýän ýaramaz täsiri ýaly wajyp meseleler aktýorlaryň döredijilik ussatlygy bilen utgaşyp, tomaşaçyny wakalaryň jümmüşine alyp gidýär. Täze sahna eserinde türkmen we tatar halklarynyň taryhy kökleriniň, edim-gylymlarynyň, däp-dessurlarynyň ýakynlygy tomaşaçylaryň spektaklda beýan edilýän wakalara çuňňur aralaşmaklaryna ýardam edýär. 

Eserde halypa sahna ussatlary Ogulbossan Ýazjumaýewa, Aýgözel Sahatowa, Bagsere Rawşanowa bilen ýaş aktýorlaryň ynandyryjy hereketleri olaryň zähmetleriniň ýerine düşendigini görkezýär.