Turkmenportal logo
Şu gün 10:09
32323232
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Syýahatçylara Türkiýedäki adatdan daşary yssy howa barada duýdurdylar
Surat: Surat: gazeta.ru

2026-njy ýylyň tomsunda Türkiýede yys howa köpýyllyk rekord görkezijilerden ýokary bolup biler. Bu barada meteorolog Yhsan Ýurtdaş «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýurtdaşyň sözlerine görä, Türkiýäniň ähli ýerinde yssy howanyň bolmagyna garaşylýar, käbir sebitlerde görkezijiler rekord derejelere ýetip ýa-da ozup hem biler.

Aýratyn yssy howa Ortaýer deňziniň kenarlarynda, şol sanda Antalýede, Alanýede, Belekde we Sidde bolar. Iýulda we awgustda termometriň sütünjigi gündizlerine +40°C hem ýokary derejäni görkezer, ýokary çyglylyk yssynyň täsirini has-da artdyrar diýip, hünärmen nygtady. Ol Egeý deňziniň kenarlarynda, şol sanda Marmaris, Bodrum we Guş adasy etraplarynda jokrama yssa garaşylýandygyny aýtdy, ol ýerlerde yssynyň derejesi köpýyllyk hasaba alnan görkezijilerden ýokary bolar.

Meteorolog şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň myhmanlaryna göni Gün şöhlesinden gaça durmagy, ýeterlik suw içmegi, ýerli häkimiýetleriň hem-de howa gulluklarynyň duýduryşlaryna jogapkärçilikli çemeleşmegi maslahat berdi.