Turkmenportal logo
Düýn 22:25
46534653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ussat halyçylaryň 15-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakyldy

Şu gün Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Aşgabatda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat halyçylaryň 15-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada şu raýatlar mynasyp boldular:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Gültäç Geldimuhammedowna Hojamuhammedowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arazbibi Garlyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aýgül Rejepowna Kakyşowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýsa Gurbansähedowna Nurberdiýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly önümhanasynyň halyçysy Kurbanaý Genjäýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Arazgül Bazarbaýewna Agaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz önümhanasynyň gözegçi-ussasy Gülüstan Toýlybaýewna Gurbanbaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Sülgün Agageldiýewna Penjiýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bahar Haýytdurdyýewna Jumaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Jennet Jumadurdyýewna Jumageldiýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Altyn Musagulyýewna Alygulyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Aýnabat Baýgeldiýewna Abraýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy Tawus Haýydowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň gözegçi-ussasy Orazgözel Muhammetdurdyýewna  Pälwanowa;

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň halkyň sarp edýän harytlary bölüminiň halyçysy Rabiýa Şirniýazowna Babanyýazowa.