Turkmenportal logo
Düýn 14:14
41654165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär

Şu gün Aşgabatda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirilýär. Türkmen halyçylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurduň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.

Türkmen halysynyň baýramy halkyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň — ajaýyp halyçylyk sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederleriň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelere wepalylygy görkezýär we şöhraty dünýä dolan türkmen halylaryna, olary dokaýan ussat halyçylaryň çekýän asylly zähmetine goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda hem bellenilişi ýaly: «Dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, onuň dünýägaraýşyny, medeniýetini, ýürek arzuwlaryny, geljege bolan beýik ynamyny göllerdir nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, nusgalyk ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli oňat häsiýetleri, özboluşly milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi öz beýanyny tapýar.

Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine, asylly däplerine wepalylygyň nyşanydyr. Ol merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň nusgasydyr».

Şeýle hem şu gün Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurduň ähli künjeginde duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär | Turkmenportal.com