Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda dabaralara beslenip giňden bellenilýän hem-de milli mirasyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy, şeýle-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda: «Dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, onuň dünýägaraýşyny, medeniýetini, ýürek arzuwlaryny, geljege bolan beýik ynamyny göllerdir nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, nusgalyk ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli oňat häsiýetleri, özboluşly milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi öz beýanyny tapýar.
Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine, asylly däplerine wepalylygyň nyşanydyr. Ol merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň nusgasydyr» diýip belleýär.
Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda toýlaryň bezegi, ojaklaryň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatyny döwrebap ösdürmek, bütin dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.